Türkmen telekeçisiniň guşçulyk toplumynda günde 120 müňden gowrak ýumurtga alynýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçisiniň guşçulyk toplumynda günde 120 müňden gowrak ýumurtga alynýar
Guşçylyk toplumynyň hünärmeniniň ýumurtgalary ýygnaýan pursady

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Hojamyrat Hojanyýazowyň guşçulyk toplumynda her gün 120 müňden gowrak ýumurtga alynýar. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän guşçulyk toplumynda ýumurtga ugurly towuklaryň 138 müňüsi saklanylýar we olardan alynýan ýumurtgalar ýurduň söwda nokatlaryna ugradylýar.

Habarda bellenilişi ýaly, towuklaryň iýminiň düzüminiň peýdaly maddalara baý bolmagy üçin bu ýerde ýörite iým zawody hereket edýär. Iým zawodynda kanola, tritikale ýaly ösümlikler gaýtadan işlenip, olardan guş iými taýýarlanylýar.

Şeýle hem telekeçi Hojamyrat Hojanyýazow Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde döwlet tarapyndan bölünip berlen 500 gektar ýer böleginde dürli görnüşli oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirýär.

2022