“Gerçek ýigit” ýylda 3 müň tonna ýüplük önümlerini öndürýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Gerçek ýigit” ýylda 3 müň tonna ýüplük önümlerini öndürýär
“Gerçek ýigit” hususy kärhanasynyň diwarlygy, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Gerçek ýigit” hususy kärhanasy bir ýylda ýüplük önümleriniň 3 müň tonnasyny öndürýär. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Bu kärhana 2020-nji ýylda esaslandyrylyp, bu ýerde dokma önümçiligi we logistika hyzmatlary boýunça işler alyp barýar.

Häzirki wagtda “Gerçek ýigit” hususy kärhanasynda hammamlarda ulanylýan dürli görnüşli çalgyçlaryň we ýapynjalaryň, galyň matalaryň hem-de jins matalaryň önümçiligi alnyp barylýar.

Bu ýerde ýüplük önümçiliginde Germaniýanyň, jins matalarynda Belgiýanyň, ýapynjalary öndürmekde bolsa Türkiýäniň tehnologiki enjamlary ulanylýar we kärhanada 500-e golaý işçi-hünärmen zähmet çekýär.

Habarda bellenilişi ýaly, kärhana her günde 9-dan 12 tonna çenli ýüplük önümlerini öndürmek kuwwatyna eýedir. Bu ýerde öndürilýän önümler içerki bazarlara, şeýle hem Gyrgyz Respublikasyna, Gazagystana ugradylýar.

“Gerçek ýigit” hususy kärhanasy ýakyn wagtda önümçiligini has-da giňeltmegi meýilleşdirýär.

2022