Maý 2024: Aşgabatda “Agro-Pack Turkmenistan” sergisi geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Maý 2024: Aşgabatda “Agro-Pack Turkmenistan” sergisi geçiriler
“Agro-Pak Türkmenistan - 2023” atly azyk, gaplama we oba hojalyk önümleriniň halkara sergisi, 2023-nji ýylyň 28-nji noýabry, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde 2024-nji ýylyň 15-17-nji maýy aralygynda azyk önümleriniň döwrebap tehnologiýalarynyň “Agro-Pack Turkmenistan and Turkmen Food” atly halkara sergisi geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy çarşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda guraljak bu sergä Türkmenistanyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, daşary ýurt kompaniýalary azyk, gaýtadan işleýän, gaplaýyş, oba hojalygy pudaklaryna degişli we beýlekiler sergilik diwarlyklary bilen gatnaşarlar.

Sergä gatnaşyjylar öz önümlerini we hyzmatlaryny, şeýle hem azyk önümçiliginiň enjamlaryny, gaplama önümlerini we gaplama enjamlaryny, azyk önümlerini we iýmit goşundylaryny, çörek we çörek önümleriniň tehnologiýalaryny, ýyladyşhana, bagçylyk we tokaýçylyk ugurlarynda alyp barýan işlerini, guşçulyk we maldarçylyk üçin niýetlenen enjamlary hem-de suwaryş ulgamlaryny hödürlärler diýip garaşylýar.

Şeýle hem Türkmenistanyň telekeçileri Eýranda geçiriljek “SITEX 2024” dokma senagatynyň halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar.

2022