Şahsy maglumatlaryň goragy

Şu sahypa business.com.tm websaýtynda şahsy maglumatlar boýunça berjaý edilýän düzgünleri beýan edýär. Bu düzgünler diňe şu websaýt ýa-da onuň mobil telefon programmasy arkaly ýygnalýan maglumatlara degişlidir.

Maglumatlaryň ýygnalmagy, ulanylmagy we paýlaşylmagy

Biz şu websaýtda ýygnalýan maglumatlaryň ýeke-täk eýesidir. Bizde diňe siziň e-mail, registrasiýa we göni aragatnaşyk arkaly meýletinlik bilen iberýän maglumatlaryňyz bar. Biz bu maglumatlary haýsydyr bir tarapa satmaýarys.

Biz siziň şahsy maglumatlaryňyzy bize iberjek soraglaryňyza jogap bermek üçin ulanarys. Türkmenistanyň kanunlaryny berjaý etmek üçin zerur bolan halatlardan başga ýagdaýda, biz siziň maglumatlaryňyzy kompaniýamyzyň daşyndaky üçünji tarap bilen paýlaşmarys. 

Biz size geljekde täze önümler we hyzmatlar ýa-da şu sahypa giriziljek üýtgetmeler barada hem e-mail arkaly hat iberip bileris. Bizden e-mail ibermezligi soramaga hakyňyz bardyr.

Registrasiýa 

Şu websaýtdaky käbir hyzmatlary ulanmak üçin, ulanyjy registrasiýa formasyny doldurmalydyr. Registrasiýa mahaly ulanyjydan ady, e-mail salgysy ýaly belli bir maglumatlar soralýar. Bu maglumatlar gyzyklanma bildirýän önümleriňiz we hyzmatlaryňyz barada siziň bilen habarlaşmak üçin ulanylar.

Salgylar

Şu websaýtda beýleki saýtlara berilýän salgylar hem bardyr. Biziň beýleki saýtlardaky maglumatlara we olaryň şahsy maglumatlar boýunça düzgünlerine jogap bermeýändigimizden habaryňyz bolsun. Biz ulanyjylara biziň saýtymyzdan çykyp, başga saýtlara girenlerinde şol saýtlardaky şahsy maglumatlar boýunça düzgünleri okamaklaryny maslahat berýäris.

Soragnamalar we bäsleşikler

Wagtal-wagtal biziň saýtymyz soragnamalar we bäsleşikler arkaly maglumat sorap biler. Bu soragnamalara we bäsleşiklere gatnaşmak meýletindir we dolulygyna siziň islegiňize baglydyr. Soraljak maglumatlar habarlaşmak üçin maglumatlary we ýaşyňyzy hem öz içine alyp biler. Habarlaşmak üçin maglumatlar ýeňijini yglan etmek we oňa sowgat ibermek üçin ulanylar. Soragnamalardaky maglumatlar şu websaýtyň ulanylyşyna gözegçilik etmek we ony kämilleşdirmek maksady bilen ulanylar.

Siziň maglumatlara bolan gözegçilik hukugyňyz

Siz bizden geljekde habarlaşmazlygy islendik wagt sorap bilersiňiz. Siz biz bilen şu websaýtda görkezilen e-mail arkaly habarlaşyp, aşakdakylaryň islendik birini edip bilersiňiz:

  • Bizde siz barada nähili maglumatyň bardygyny görmek;
  • Bizde siz barada bar bolan maglumatlary düzetmek;
  • Bizde siz barada bar bolan maglumatlary pozmak;
  • Bizde siz barada bar bolan maglumatlaryň ulanylyşyna alada bildirmek.

Howpsuzlyk 

Biz siziň maglumatlaryňyzy goramak üçin möhüm çäreleri görýäris. Websaýt arkaly ynjyk maglumatlary ibereniňizde, biz olary hem onlaýn görnüşde, hem offlaýn görnüşde goraýarys.

Eger-de biz töleg karty ýaly ynjyk maglumatlary sorasak, şol maglumat kodlanan görnüşde we howpsuz ýollar arkaly geçirilýär. Siz muny saýtyň salgysy ýazylan hanada gulpuň şekiljigini we “https” belligini görüp hem tassyklap bilersiňiz.

Onlaýn görnüşde geçirilen ynjyk maglumatlary kodlanan görnüşde goraýşymyz ýaly, siziň maglumatlaryňyzy offlaýn görnüşde hem goraýarys. Belli bir wezipäni ýerine ýetirmek üçin (mysal üçin töleg haty ýazmak) siziň maglumatyňyz gerek bolan işgärlere şahsy maglumatlara girmäge rugsat berilýär. Siziň maglumatlaryňyz ýazylan kompýuterler we serwerler howpsuz ýerde saklanýar.

Şu düzgünlere üýtgetmeler

Iş tejribeleriniň, tehnologiýanyň we kanunçylyklaryň yzygiderli kämilleşmegi bilen, biz şahsy maglumatlar boýunça şu düzgünleri belli bir wagtdan soň gözden geçirip durýarys. Netijede, bu düzgünler wagtal-wagtal täzelenýär. Şeýle üýtgetmeler şu sahypada çap ediler. Eger-de siziň şahsy maglumatlaryňyzyň ulanylmagy boýunça düýpli üýtgetme girizsek, onda bu üýtgetmeler iş ýüzüne geçirilmezden 30 gün öň size bu barada e-mail arkaly hat ýollanar.  

Eger-de Şahsy maglumatlar boýunça şu düzgünleri berjaý etmeýändigimizden şübhelenseňiz, onda bize info@business.com.tm arkaly dessine hat ýazyň.

2022