Aşgabat-Kuala-Lumpur-Aşgabat ugry boýunça howa gatnawy hepdede iki gezege çykaryldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat-Kuala-Lumpur-Aşgabat ugry boýunça howa gatnawy hepdede iki gezege çykaryldy
Kuala-Lumpur, Malaziýa

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Aşgabat-Kuala-Lumpur-Aşgabat ugry boýunça ýolagçy howa gatnawynyň sanyny hepdede iki gezege çykardy.

Aşgabat-Kuala-Lumpur-Aşgabat ugry boýunça ýolagçy howa gatnawy indi hepdäniň penşenbe we sişenbe günleri amala aşyrylýar. Bu barada “Türkmenhowaýollary” agentligi çarşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, awiakompaniýa ýolagçylardan gelýän köp sanly islegleri kanagatlandyrmak maksady bilen bu ugur boýunça ýolagçy gatnawyny artdyrdy.

Şeýle hem “Türkmenistan” awiakompaniýasy resmi web sahypasynda Aşgabat (ASB) — London (LGW) — Aşgabat (ASB) ugurlary boýunça petekleriň satuwyna başlady.

Türkmenistanyň raýatlary üçin 2024-nji ýylyň maý aýynda Aşgabat — London ugrunda petekleriň bahasy 5950 manada, London — Aşgabat ugrunda bolsa 6399,7 manada barabar bolar. 

2022