Kasym-Žomart Tokaýew ulag geçelgesini döretmek hakynda Aşgabat ylalaşygyna goşulmaga çagyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Kasym-Žomart Tokaýew ulag geçelgesini döretmek hakynda Aşgabat ylalaşygyna goşulmaga çagyrdy
Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Ýewraziýanyň ýokary ykdysady geňeşiniň 10-njy mejlisinde çykyş edýär, 2024-nji ýylyň 8-nji maýy, Moskwa, Russiýa (Surat: Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew çarşenbe güni Moskwada geçirilen Ýewraziýanyň ýokary ykdysady geňeşiniň (ÝÝYG) 10-njy mejlisinde Halkara ulag geçelgesini döretmek hakynda Aşgabat ylalaşygyna goşulmaga çagyrdy. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň resmi metbugaty habar berdi.

“Aýlag ýurtlarynyň bazaryna çykmak üçin Ykdysady bileleşige agza döwletlere Halkara ulag geçelgesini döretmek hakynda Aşgabat ylalaşygyna goşulmagy teklip edýäris. Gazagystan muny eýýäm ýerine ýetirýär” diýip, Gazagystanyň Lideri belledi.

Mejlisiň işine Ermenistanyň Premýer-ministri, ÝÝYG-niň Başlygy Nikol Paşinýan, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, şeýle hem Bileleşige synçy-agza döwletleriň Baştutanlary – Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Kubanyň Prezidenti Migel Mario Dias-Kanel Bermudes hem-de GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew we Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň kollegiýalarynyň başlygy Bakytžan Sagintaýew gatnaşdy.

Habarda bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanlary möhüm wezipeleri we Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljekki esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Aşgabat Ylalaşygy Gazagystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň, Hindistanyň, Pakistanyň we Omanyň hökümetleriniň arasynda Merkezi Aziýa bilen Aýlag ýurtlarynyň arasynda haryt daşamaklygy ýeňilleşdirýän halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek baradaky multimodal ulag ylalaşygydyr. Bu ylalaşyk 2016-njy ýylyň aprelinde güýje girizilip, Türkmenistan ylalaşygy esaslandyryjy döwlet bolup çykyş edýär.

2022