“Täze Aý” şöhlat, konditer, süýt önümleriniň täze görnüşlerini çykaryp başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Täze Aý” şöhlat, konditer, süýt önümleriniň täze görnüşlerini çykaryp başlady
“Täze Aý” haryt nyşanly et, şöhlat we ýarym taýýar azyk önümlerini öndürýän kärhanasy Türkmenistanyň Söwda toplumynyň sergisinde, 2024-nji ýylyň 3-5-nji apreli, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy telekeçi Begenç Orazowyň “Täze Aý” haryt nyşanly et, şöhlat we ýarym taýýar azyk önümlerini öndürýän kärhanasy ýakynda şöhlat, konditer we süýt önümleriniň täze görnüşlerini öndürip başlady.

Kärhananyň hünärmeniniň şu ýylyň 3-5-nji aprelinde geçirilen Türkmenistanyň Söwda toplumynyň sergisiniň çäklerinde “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren interwýusyna görä, kärhana mart aýynyň başynda täze görnüşli ereme peýniriň, içi peýnirli şöhlat önüminiň we “Şoka bella” şokolad pastalarynyň önümçiligine başlady.

Pasta görnüşli ereme peýnir 250 gram agramda, “Şoka bella” şokolad pastalary bolsa 200 we 400 gram agramda çykarylýar. Şeýle hem “Şoka bella” şokolad pastalary iki tagamda ýagny, kakaoly we funduk tagamlarda çykarylýar. Içi peýnirli şöhlat önümi bolsa gaýnadylan we kakadylan görnüşde öndürilýär.

“Täze Aý” haryt nyşanly et, şöhlat we ýarym taýýar azyk önümlerini öndürýän kärhananyň hünärmeniniň gürrüň bermegine görä, täze önümler ýurduň söwda nokatlarynda satuwa çykarylyp başlandy.

Häzirki wagtda bu kärhanada azyk önümleriniň jemi 500 golaý görnüşlerini öndürýär.

Ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy telekeçi Begenç Orazowyň “Täze Aý” haryt nyşanly kärhanasynyň täze önümçilik toplumy, ýagny mal soýulýan gassaphanasy we et önümleri kärhanasy işe girizildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022