“Hoş zaman” jüýjeler üçin niýetlenilen ýumurtgalaryň günde 22 müňüni alýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Hoş zaman” jüýjeler üçin niýetlenilen ýumurtgalaryň günde 22 müňüni alýar
Inkubatora goýlup alnan jüýjeler

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Hoş zaman” hususy kärhanasyna degişli guşçulyk toplumynda ýumurtga ugurly enelik towuklaryň 26,5 müňe golaýy saklanylyp, olardan tohumlyk jüýjeleri çykarmak üçin niýetlenen ýumurtgalaryň her günde 22 müňe golaýy alynýar.

“Rysgal” gazetiniň geçen hepdäniň duşenbe güni habar bermegine görä, tohumlyk ýumurtgalar kärhananyň özüne degişli bolan inkubatora goýlup, 21 günüň dowamynda jüýje alynýar.

Habarda bellenilişi ýaly, olar bu ýerde 90 günüň dowamynda idedilip, soňra şertnamalar esasynda ýumurtga ugurly guşçulyk toplumlaryna, ýerli telekeçilere ugradylýar.

“Hoş zaman” hususy kärhanasynyň kuwwatlylygy her aýda inkubasiýa usuly arkaly 800 müň jüýje çykarmak üçin niýetlenendir.

2022