“Aýly ýaz” gaplama önümleriniň ýylda 1,5 milliondan gowrak bankasyny öndürýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Aýly ýaz” gaplama önümleriniň ýylda 1,5 milliondan gowrak bankasyny öndürýär
“Aýly ýaz” hojalyk jemgyýetinde alnyp barylýan önümçilikden bir pursat

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Aýly ýaz” hojalyk jemgyýeti häzirki wagtda ýylda 30-dan gowrak görnüşe eýe bolan gaplamalaryň 1,5 milliondan gowrak şertli bankasy öndürilýär. Bu barada "Rysgal" gazeti duşenbe güni habar berdi.

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde ýerleşýän hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kärhanasyna daşary döwletleriň kämil tehnologiýaly enjamlary ornaşdyrylyp, onuň ýyllyk kuwwatlylygy 5 million şertli banka barabar bolan gaplama önümlerini öndürmäge mümkinçilik berýär.

Şeýle-de kärhanada “TERi”, “Aýly sähra” haryt nyşanlary bilen pomidor goýultmasy, pomidor şiresi, guradylan pomidorlar, duzlanan pomidorlar, sarymsak, ajy burç, kelem, ajika, ajy we süýji üwmeçler öndürilýär.

Mundan başga-da, kärhanada öndürilýän gawun, kädi mürepbeleri, jemleri hem-de miwe kompotlary, miwe şire suwy alyjylara hödürlenilýär.

“Aýly ýaz” hojalyk jemgyýeti häzirki wagtda goňşy döwletlere öz önümleriniň eksportyny ýola goýmak boýunça degişli işler alyp barýar.

2022