02.05.2024
05.06.2024

“Ýelken” HJ enjamlary we ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça tender yglan edýär

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän “Ýelken” hojalyk jemgyýeti zerur bolan enjamlary, ätiýaçlyk şaýlary satyn almak üçin şu aşakda görkezilen lotlar boýunça açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär

Lot №1 — Hojalyk bölümine enjamlary satyn almak.

Lot №2 — Suw süýjediji (OSMOS) desgalar üçin ätiýaçlyk materiallary, enjamlary satyn almak.

Lot №3 — Ýahtalara, elektrokarlara ätiýaçlyk şaýlary satyn almak.

Gyzyklandyrýan soraglar boýunça “Awaza”milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän “Ýelken” hojalyk jemgyýetine hepdäniň dynç gününden daşary beýleki günlerde sagat 09:00-dan 18:00-a çenli ýüz tutup bilersiňiz.

Bäsleşik boýunça teklipler bildiriş çap edilen gününden soň, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993(243) 5-74-88

+993 (243) 5-74-89

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş.
Bulary hem okaň
2022