Pul sowmagyň paradoksy

BT
Pul sowmagyň paradoksy
Puly dogry ulanmagy başarýan adamlar harydyň sanyna däl-de hiline üns berýär.

Puly dolandyrmak we ony ýerlikli sowmagy başarmak girdejä däl-de, eýsem pul sowmak endiklerine bagly bolup durýar. “Business insider” neşirinde çykan makalada puly ýerlikli dolandyrýan we sowýan adamlaryň esasy endikleri barada maglumat berildi.

Şahsy maliýe eksperti we ýazyjy Lynet Kalfani-Koks bank hasaplarynda ýüzlerçe müň dollary bolan adamlaryň täze çykan awtoulaglaryň ýerine 5-10 ýyllyk awtoulagy sürýändiklerini beýan etdi.

Puly ýerlikli dolandyrmagy başarýanlar ulanylan ýa-da öndürilenine birnäçe ýyl bolan awtoulagy satyn alýarlar. Sebäbi täze öndürilen awtoulagyň maliýe gymmatlygy bir ýylyň içinde 20% pese gaçýar.

Puly dolandyrmagy başarýanlar töläp bilmejekleri öýleri satyn almaýarlar. Neşiriň ýazyjylaryndan Holly Jonson öý satyn almak boýunça bilermenleriň özlerine 2-3 esse artykmaç sowdurmak isländiklerini aýdyp, öz tejribelerine salgylanyp, has kiçi öý alandyklaryny beýan etdi. Şeýlelikde, öýe çykarjak pullaryna dünýäni syýahat edýändiklerini hem sözlerine goşdy.

Karz kartlarynda ýygnanan bergileriň göterimini tölemek puly dogry dolandyrmagy başarýanlaryň endigi däl. “Business Insider”-iň ýazyjysy Elizabet Aldriç karz kartlaryny ýerlikli ulanmandygy üçin 10 müň dollar bergili bolandygyny mälim etdi. Puly dolandyrmagy başarýanlar göterime pul tölemeýärler.

Ýazyjy Kalfani-Koks şeýle adamlaryň gymmat bahaly brendleriň ýa-da meşhur dizaýnerleriň önümlerini satyn almaýandyklaryny belledi. Puly dogry ulanmagy başarýan adamlaryň harydyň sanyna däl-de hiline üns berýändiklerini aýdan Kalfani-Koks olaryň köp we ähmiýetsiz ýere pul harçlamakdan gaça durýandyklaryny sözlerine goşdy.

Puly ýerlikli dolandyrmagyň we tygşytlamagyň ýene bir ýoly az çykdaýjyly toý tutmakdan geçýär. Şeýle toý geljekki maşgalanyň maliýe gorlaryny güýçlendirmäge sebäp bolar.

2022