Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag şäheriniň täze häkimini wezipä belledi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag şäheriniň täze häkimini wezipä belledi
Arkadag şäheriniň täze bellenilien häkimi Gülşat Sahyýewna Mämmedowa

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Arkadag şäheriniň täze häkimini bellemek hakynda Permana gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Resminama laýyklykda, Gülşat Sahyýewna Mämmedowa Arkadag şäheriniň häkimi wezipesine bellenildi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany Şamuhammet Durdylyýewi, saglyk ýagdaýy sebäpli, Arkadag şäheriniň häkimi wezipesinden boşatdy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurduň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

2022