08.05.2024
06.06.2024

“Türkmengallaönümleri” Döwlet birleşigi fostaksin himiki serişdesini satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

“Türkmengallaönümleri” Döwlet birleşigi fostaksin himiki serişdesini satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

Lot No.1 – Fostaksin himiki serişdesi

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri we Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Bileleşiginiň agzalygy baradaky maglumatlary görkezilip, ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • himiki serişdeleri üpjün edijileri saýlamak üçin tender geçirmegiň düzgünleri bilen tanyşmaly;
  • lot üçin töleg tölenenden soň tender resminamalarynyň bukjasyny almaly;
  • lotuň spesifikasiýasyny we tehniki talaplary almaly.

Bäsleşik teklipleri birleşigiň hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soňra seljeriler.

Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar ýerli wagt bilen sagat 9:00-dan 17:00-a çenli kabul edilýär.

Bäsleşik teklipleri bildiriş gazetde çap edilen gününden başlap 30 (otuz) günüň dowamynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

(+99312) 44-76-67

Aşgabat, Arçabil Şaýoly 92
Bulary hem okaň
2022