TSTB-de Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

TSTB-de Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Türkmen-Awstriýa jemgyýeti 2012-nji ýylyň fewral aýyndan bäri TSTB-niň hormatly agzasydyr.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde (TSTB) 16-njy awgustda Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň başlygy Neda Berger we ýurdumyza Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin gelen iki awtriýaly kompaniýanyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi diýip, TSTB habar berýär.

TSTB-niň ýolbaşçysy myhmanlary türkmen telekeçileriniň täze taslamalary bilen tanyşdyrdy. Birleşmäniň agzalarynyň awstriýaly kärdeşleri bilen oba-hojalyk toplumlary, azyk önümleriniň we alkogolsyz içgileriň önümçiligi, ýokary tehnologiýaly enjamlary üpjünçiligi ugurlary boýunça oňyn hyzmatdaşlygy barada gürrüň edildi.

Häzirki gün Birleşmäniň ýewropaly hyzmatdaşlary bilen ösüp barýan ýerli öndürijileriň eksport mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, bilelikdäki innowasion önümçiligini, şeýle hem oba hojalygy baradaky meseleler ilkinji orunda durýandygy nygtalyp geçildi.

Neda Berger öz ýolbaşçylygyndaky düzüminde iri awstriýaly we beýleki Ýewropa kompaniýalary bolan Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň agzalary türkmen telekeçileri bilen dürli ugurlardaky bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini belledi.

Türkmen-Awstriýa jemgyýeti 2012-nji ýylyň fewral aýyndan bäri TSTB-niň hormatly agzasy bolup, Birleşme bilen hyzmatdaşlyga giren ilkinji halkara we Ýewropa guramasydyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022