Marydaky “Kelleli” gaz käninde tebigy gazy arassalaýan ilkinji desga gurulýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Marydaky “Kelleli” gaz käninde tebigy gazy arassalaýan ilkinji desga gurulýar
"Türkmengaz" döwlet konserniniň hünärmenleriniň alyp barýan işinden bir pursat

Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän “Kelleli” gaz käninde “Türkmengaz” döwlet konserniniň meýilnamasyna laýyklykda, tebigy gazy arassalaýan ilkinji kuwwatly desga gurulýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Täze desganyň gurluşygyny “Marygazçykaryş” müdirliginiň buýurmasyna görä, “Türkmenýöritenebitgazgurnama” trestiniň 2-nji ýöriteleşdirilen edarasy baş potratçy hökmünde alyp barýar.

Bu desga gaz känleriniň ulanyş guýularyndan çykarylýan gazy harytlyk derejesine ýetirip, ony Garagum — Üçajy — Malaý ýokary basyşly gaz geçirijisine akdyrmak maksady bilen gurulýar.

Habarda bellenilişi ýaly, tebigy gazy arassalaýan ilkinji kuwwatly desganyň gurluşygynda zähmet çekýän gurluşykçylar kömekçi gulluk binalarynyň işini doly tamamlap, häzir diametri 159 we 219 millimetrlik gaz geçirijileriň gurluşygyny, desganyň seperatorlarynydyr kömekçi enjamlaryny, ýygnaýjy hatarlar toplumynyň hem-de ilkinji birikme nokadynyň enjamlaryny gurnamak işlerini alyp barýarlar.

Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, täze desga işe girizilen soň, gaz känlerinden her gije-gündizde 1 million 100 müň kub metr harytlyk tebigy gaz daşarky bazara ugradylar.

2022