Türkmenistanda “Saparmyrat Nyýazow” gämisini döwrebaplaşdyrmak meýilleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda “Saparmyrat Nyýazow” gämisini döwrebaplaşdyrmak meýilleşdirilýär
“Weichai” kompaniýasynyň wekilleri “Saparmyrat Nyýazow” gämisiniň döwrebaplaşdyryljak hereketlendiriji otagynyň we esasy enjamlaryň ýerleşdirilişini öwrenýärler.

“Balkan” gämi gurluşyk zawodynyň we Hytaýyň “Weichai” inženerçilik korporasiýasynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşykda “Saparmyrat Nyýazow” gämisini döwrebaplaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň penşenbe güni habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda zawodyň wekilleri Hytaý kompaniýasynyň wekillerini “Balkan” gämi gurluşyk zawodynyň ýerine ýetirýän wezipesi, önümçilik mümkinçilikleri we ýokary tehnologiýaly önümleriniň köp görnüşi, ýagny zawodyň gurluşyk sehlary we gurluşyk meýdançalary bilen tanyşdyrdylar.

Şeýle hem taraplar gelejekki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň meseleleri boýunça gepleşikleri geçirdiler. “Balkan” gämi gurluşyk zawodynyň we “Weichai” kompaniýasynyň wekilleri gämi enjamlarynyň tehniki aýratynlyklarynyň kämilleşdirilmegini göz öňünde tutup, esasy hereketlendirijileriň we dizel hereketlendirijileriň çalyşylmagynyň dürli ugurlaryna garadylar.

Mundan başga-da, “Weichai” kompaniýasynyň wekilleri “Saparmyrat Nyýazow” gämisine baryp gördüler we döwrebaplaşdyryljak hereketlendiriji otagynyň we esasy enjamlaryň ýerleşdirilişini jikme-jik öwrendiler.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge özara gyzyklanma bildirdiler.

2022