Lebap we Mary welaýatlarynda mineral dökünleri saklamaga niýetlenen ammarlar gurlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Lebap we Mary welaýatlarynda mineral dökünleri saklamaga niýetlenen ammarlar gurlar
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň gümrük ammary

Türkmenistanyň Lebap we Mary welaýatlarynyň etraplarynyň birnäçesinde mineral dökünleri saklamaga niýetlenen täze, döwrebap ammarlary gurmak meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Baýmyrat Annamämmedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ammarlarda bildirilýän talaplara laýyklykda mineral dökünleri saklamak hem-de dökünleriň zaýalanmagynyň öňüni almak maksady bilen, ýörite ammarlary gurmak zerur bolup durýandygyny aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Şunuň bilen baglylykda, mejlisiň dowamynda Lebap we Mary welaýatlarynyň etraplarynyň birnäçesinde mineral dökünleri saklamaga niýetlenen täze, döwrebap ammarlary gurmagyň maksadalaýyk hasaplanýandygy bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurtda oba hojalyk önüm öndürijilerini mineral dökünler bilen öz wagtynda üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi we wise-premýere “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan Lebap we Mary welaýatlarynda mineral dökünleri saklamaga niýetlenen ammarlary gurmak boýunça degişli işleriň geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022