“Türkmenulaggözegçiligi” awtoulagly halkara daşaýjylara daşary ýurtlaryň rugsatnamalaryny berer

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmenulaggözegçiligi” awtoulagly halkara daşaýjylara daşary ýurtlaryň rugsatnamalaryny berer
“Türkmenawtoulaglary” agentligi "Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023" atly halkara sergide, 2023-nji ýylyň 3-4-nji maýy, Aşgabat, Türkmenistan.

Şu ýylyň 15-nji ýanwaryndan başlap awtoulagda halkara gatnawlary amala aşyrýan ýük daşaýjylara daşary döwletleriň rugsatnamalaryny bermek we resmileşdirmek çäk degişliligini “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň “Türkmenulaggözegçilik” döwlet kärhanasynyň bölümleri amala aşyryp başlar. Bu barada “Türkmenawtoulaglary” agentligi penşenbe güni habar berdi.

Daşary döwletleriň rugsatnamalaryny bermek we resmileşdirmek awtoulagda halkara gatnawlary amala aşyrýan daşaýjylar üçin amatly we oňaýly şertleri döretmek maksady bilen “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň “Türkmenulaggözegçilik” döwlet kärhanasynyň bölümlerinde ýerine ýetirilýär.

Bu görnüşli rugsatnamalary berkemlik Ahal welaýatynda we Aşgabat şäherinde Rugsatnamalar we resminamalary seljeriş bölümi, sebitlerde Balkan, Daşoguz, Lebap hem-de Mary welaýatlary boýunça ulag gözegçilik bölümleri, şeýle hem, Özbegistan, Gazagystan we Azerbaýjan Respublikalarynyň rugsatnamalaryny bermek hem-de resmileşdirmek bolsa Döwlet serhediniň üstünden geçilýän gözegçilik-geçiriş ýerlerindäki ulag gözegçiligi gullugy tarapyndan amala aşyrylýar.

Awtoulagda halkara gatnawlary amala aşyrýan daşaýjylara daşary döwletleriň rugsatnamalaryny bermek we resmileşdirmek boýunça giňişleýin maglumatlary “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň “Türkmenulaggözegçilik” döwlet kärhanasynyň bölümlerinden alyp bilersiňiz.

2022