Türkmenistandan Owganystana suwuklandyrylan gazyň iberilmegi maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistandan Owganystana suwuklandyrylan gazyň iberilmegi maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň orunbasary Batyr Amanowyň Owganystanyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Amir Han Muttaki bilen geçiren duşuşygy, 2024-nji ýylyň 28-nji fewraly, Aşgabat. (Surat: Owganystanyň resmi metbugaty)

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Amanow çarşenbe güni Aşgabatda Owganystanyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Amir Han Muttaki bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistandan Owganystana suwuklandyrylan gaz ibermek bilen baglanyşykly meselelere garadylar.

Owganystanyň resmi metbugatynyň penşenbe güni habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda Amir Han Muttaki Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine berk ygrarlydygyny tassyklady we Hyrat welaýatyna turbageçirijiniň gurluşygynyň birinji tapgyrynyň başlanmagyna we onuň gysga wagtyň dowamynda tamamlanylmagyna umyt bildirdi.

Batyr Amanow öz gezeginde owgan hökümetiniň TOPH taslamasyny durmuşa geçirmekdäki tagallalaryna ýokary baha berdi we esasan hem bu taslamanyň çäginde energiýanyň iberilmeginiň möhümdigini aýtdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew şu ýylyň 28-nji fewralynda Owganystanyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Amir Han Muttakiniň ýolbaşçylygyndaky owgan wekiliýeti bilen duşuşyk geçirdi.

2022