"Balkan" gämi gurluşyk Günorta Koreýanyň kompaniýasy bilen gämi gurup başlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
"Balkan" gämi gurluşyk Günorta Koreýanyň kompaniýasy bilen gämi gurup başlar
“Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň ýolbaşçylary bilen Günorta Koreýanyň “Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşyk, 2024-nji ýylyň 29-njy ýanwary, Balkan welaýaty, Türkmenistan.

“Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylary Günorta Koreýanyň “Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd." kompaniýasynyň wekilleri bilen 2024-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda duşuşyk geçirdiler. Duşuşygyň barşynda taraplar bilelikde gurulmagy meýilleşdirilýän gämiler boýunça oňyn netijeleri gazanjakdyklary we ýakyn wagtda gämi gurluşyk işleriniň başlanjakdygy barada aýtdylar.

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň sişenbe güni habar bermegine görä, duşuşykda 2023-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody bilen “Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.” kompaniýasynyň arasynda ýük göterijiligi 6100 tonna bolan iki sany gury ýük gämilerini bilelikde gurmak barada gol çekilen şertnamany durmuşa geçirmek maksady bilen, gämi gurluşyk boýunça ýerine ýetirilmeli işler barada meýilnamalar düzüldi.

Şeýle hem Günorta Koreýanyň kompaniýasy tarapyndan “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň önümçilik düzümine degişli bolan hünärmenleri degişli ugurlar boýunça ýakyn wagtlarda okatmak, “Balkan” zawodyny ISO Halkara standartlaryna laýyklykda sertifikatlaşdyrmak we gämi gurluşyk boýunça anyk meseleler barada birnäçe teklipleriň üstünde durulyp geçildi.

Bulardan başga-da iş saparyň çäklerinde “Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.” kompaniýasynyň wekilleri üçin gämi gurluşyk döwründe “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody tarapyndan üpjün ediljek ýaşaýyş jaýlarynyň şertleri bilen tanyşdyryldy.

2022