Türkmenistanyň Prezidenti ýazky bag ekmek möwsümine badalga berdi

Türkmenistanyň Prezidenti ýazky bag ekmek möwsümine badalga berdi
Raýatlar ählihalk bag ekmek çäresinde agaç nahallaryny ekýärler, 2024-nji ýylyň 16-njy marty, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda şenbe güni ýurtda ählihalk bag ekmek çäresiniň ýazky möwsümine badalga berildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany Aşgabat şäheriniň günortasynda ýaýbaňlandyrylan ählihalk bag ekmek dabarasyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bilelikde gatnaşdy.

Habarada bellenilişi ýaly, Türkmenistanda daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary rejeli ulanmak, “ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 1-nji martynda ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, şeýle hem “Türkmenistanda 2024-nji ýylda bag ekmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 9-njy fewralynda çykaran 867-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen bag ekmek dabarasyny 16-njy martda geçirmek hakynda Karara gol çekdi.

2022