Türkmenistanyň Prezidenti Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Hünärmenler Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işlere gözegçilik edýärler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, welaýatyň Köýtendag etrabynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, “Türkmen Enjam” hojalyk jemgyýeti tarapyndan birinji Lebap sement zawodynyň golaý çäginde gurlup ulanmaga berlen iri senagat kärhanasy häzirki zaman senagat önümçiliginiň iň soňky gazananlaryny özünde jemleýär. 

Ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen täze zawodda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýokary hil ölçeglerine laýyk gelýän enjamlary ornaşdyryldy.

Hasaplamalara görä, önümçilik işinde bölünip çykýan zyýanly galyndylaryň möçberi rugsat edilýän derejeden hem ep-esli azdyr. Howa goýberilýän tozanlary toplamak we arassalamak üçin kuwwatly süzgüç ulgamlary ulanylýar diýip, habarda bellenilýär.

Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyry önümçilikde zerur bolan çig malyň esasy görnüşleriniň uly ätiýaçlyklarynyň baý sebitinde guruldy we ol bu baýlyklaryň gazylyp alynýan ojaklaryna golaý çäkde ýerleşýär. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 2013-nji ýylyň fewral aýynda “Lebap” sement zawody açylyp ulanylmaga berlipdi.

2022