25.04.2024
24.05.2024

Türkmenabat halkara howa menzili wideogözegçilik ulgamyna tehniki hyzmat bermek boýunça bäsleşik yglan edýär

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Türkmenabat halkara howa menzili, menziliň toplumynda oturdylan wideogözegçilik ulgamyny hemişe işjeň ýagdaýda saklamak we olara ygtyýarly hünärmenler tarapyndan wagtly-wagtynda tehniki hyzmatlaryny ýerine ýetirmek üçin ýerine ýetirijini saýlamak boýunça açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär

Hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça:

Türkmenabat Halkara howa menziliniň toplumynda oturdylan wideo gözegçilik ulgamyny hemişe işjeň ýagdaýda saklamak we olara tehniki hyzmatlaryny ýokary derejede hem-de wagtynda geçirmek. Degişli resminamalaryň bolmagy

Açyk bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän kompaniýalar, telekeçiler, hususy kärhanalar ýüzlenme haty bilen aşakdaky resminamalary we maglumatlary hödürlemeli:

  • kompaniýa barada gysgaça maglumat, hukuk derejesi, hasaba alnandygy barada resminamalary, ýuridiki salgysy, kompaniýanyň jogapkär wekili, onuň el we iş telefony;
  • kompaniýanyň agzalan ugur boýunça bar bolan tejribesi hakynda maglumatlar;
  • bäsleşige gatnaşjak kompaniýanyň jogapkär wekiliniň ynanç haty;
  • gatnaşyjynyň doly adyny, kanuny ýagdaýyny görkezýän arza bermeli, şeýle hem oňa gatnaşmak üçin ýüztutujynyň bellige alyş we kanuny resminamalaryny görkezmeli. Arza berijiniň wekiliniň pasportynyň göçürmesi bolmaly. Şeýle hem bäsleşige gatnaşmak üçin 1000,00 manat (bir müň manat — goşulan baha üçin salgydy goşmak bilen) töleg tölemeli (gatnaşyk tölegi yzyna gaýtarylmaýar).

Bildiriş berlen gününden başlap, bäsleşik teklipleri 30 (otuz) günüň dowamynda sagat 09:00-dan 18:00-a çenli kabul edilýär.

Degişli resminamalar Türkmenabat Halkara howa menziliniň marketing we şertnamalar bölümine berilýär. Möhür bilen tassyklanan doly tender teklibi möhürlenen bir bukja, bildiriş çap edilen pursadyndan başlap, ýokardaky salga eltilmelidir we oňa bäsleşige gatnaşmak üçin töleg tölenenden soňra serediler. Bäsleşik bukjasynda maglumatynyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy şertleri (Word görnüşinde) we tehniki we ykdysady spesifikasiýa (Excel görnüşde) bolmaly.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 (422) 9-46-78

+993 (422) 9-47-03

Türkmenabat şäheri, Bagtyýarlyk köçesi
Bulary hem okaň
2022