01.02.2024
10.02.2024

Mary welaýatynyň häkimligi ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça tender yglan edýär

Mary welaýatynyň häkimligi welaýatyň häkimliginiň işgärleri üçin Mary şäheriniň Soltan Sanjar we Watan köçeleriniň kesişýän ýerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň 2014-nji ýylyň 8-nji awgustyndaky “Türkmenistanda hususy ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň we olary ýerlemegiň meseleleri hakynda” 13792-nji Kararyna laýyklykda, uzak möhletli bank karz serişdeleriniň hasabyna gurulmagy meýilleşdirilýän 2 sany 4 gatly, 38 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklaryny ýerine ýetirmek üçin potratçylary saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar we hususy kärhanalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänlerden edilýän talaplar:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermeli;
  • soňky 3 ýylyň içinde Türkmenistanda ýerine ýetiren gurluşyk taslamalary barada maglumat;
  • edara-kärhananyň maddy we tehniki binýady barada maglumat;
  • hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama.

Bäsleşik teklipleri 2024-nji ýylyň 10-njy fewralyna, sagat 18:00-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 (522) 6-06-21

+993 (522) 6-06-05

Faks:

+993 (522) 6-33-73

Mary şäheriniň Mollanepes köçesiniň 41-nji jaýy.
Bulary hem okaň
2022