26.01.2024
03.02.2024

Daşoguz welaýat häkimligi düýpli abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek boýunça tender yglan edýär

Daşoguz welaýat häkimligi 2024-nji ýyl üçin medeni we durmuş maksatly desgalary düýpli abatlamak boýunça Döwlet býujeti tarapyndan goýberilen maliýe serişdeleriniň öz wagtynda we talabalaýyk özleşdirilmegini üpjün etmek maksady bilen, Daşoguz şäherindäki 7-nji, 31-nji, 32-nji, 35-nji orta mekdeplerde hem-de 16-njy, 26-njy we 35-nji çagalar baglarynda, Şabat etrabyndaky 3-nji, 4-nji, 13-nji, 14-nji, 28-nji, 34-nji, 39-njy, S.Türkmenbaşy etrabyndaky 54-nji, 55-nji, 56-njy, Akdepe etrabyndaky 14-nji, 59-njy we 112-nji orta mekdeplerinde düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek üçin potratçylary seçip-saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara kärhanalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak üçin ýazmaça arza bermek;
  • edara-kärhananyň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
  • hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama;
  • häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşyk-abatlaýyş işleri barada maglumat.

Bäsleşik teklipleri 2024-nji ýylyň 3-nji fewralyna, sagat 9:00-dan 18:30-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:

+993 322-9-03-02

Faks:

+993 322-9-03-14

Daşoguz şäheriniň S.Türkmenbaşy şaýolunyň 10/1-nji jaýy, welaýat häkimligi
Bulary hem okaň
2022