10.09.2019
22.10.2019

“Türkmengaz” gaz turbina hereketlendirijilerini abatlamak boýunça tender yglan edýär

“Türkmengaz” Döwlet konserni tender boýunça kesgitleýän toparyň adyndan “НК-12СТ” we “НК-14СТ” markaly gaz turbina hereketlendirijileriniň abatlaýyş işlerini geçirmek boýunça

HALKARA TENDER

yglan edýär.

Tendere gatnaşmak isleýänler “Türkmengaz” DK edara binasyna ýüz tutup bilerler.

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • “Türkmenistanyň nebitgaz toplumy üçin önümçilik we sosial desgalaryň taslamasyny düzmek we gurluşyk işlerini alyp barmak, işleri ýerine ýetirmek we beýleki hyzmatlary bermek boýunça halkara bäsleşiklerini geçirmegiň Düzgünleri” bilen tanyş bolmaly;
  • 1725 amerikan dollary möçberde tölegini töläp bäsleşik resminamalaryny almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bildiriş teklipli bukja görkezilen salga ugradylmaly.

Tendere gatnaşmak üçin teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen 12.00 çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+99312) 40-33-44, 40-32-50; faks: (+99312) 40-32-59.

Türkmenistan, ş.Aşgabat, Arçabil şaýoly 56
Bulary hem okaň
2022