28.08.2019
06.09.2019

“Hazar” konsorsiumy serwis hyzmatlaryny bermek boýunça tender yglan edýär

"Türkmennebit" döwlet konserninden hem-de "Mitro International Limited" kompaniýalaryndan ybarat bolan, öz işini "Hazar" şertnamalaýyn territoriýasynyň çäklerinde (Gündogar Çeleken käni) önümleri paýlaşmak şertnamasynyň esasynda alyp barýan “Hazar” konsorsiumy şu aşakdaky arza esasynda tender yglan edýär:

Arza № 695 21.08.2019 – Gündogar Çeleken känindäki “Новомет-Сервис” çäklendirilen jogapkärçilikli jemgyýetiniň öndüren 8 sany merkezden daşlaşýan elektrik nasos desgalarynyň ulanyşygynda serwis, abatlaýyş we inžener-tehniki ugrukdyryş hyzmatlaryny bermek.

Marketing pikir soraşmasyna gatnaşmak üçin bildiriş çap edilen gününden 10 senenama gününiň dowamynda (ýerli wagt bilen 18.00 çenli) aşakdaky resminamalary tabşyrmaly:

  • dalaşgäriň marketing soraşmasyna gatnaşmak üçin ýazan arzasyny (kontakt maglumatlary we elektron poçtanyň salgylaryny görkezip, ygtyýarlandyrylan wekiliň goly we kompaniýanyň möhüri bilen tassyklanan erkin görnüşde) taýýarlamaly we görkezilen salga ibermeli;
  • Türkmenistanyň telekeçileri Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşiginde hasaba alnan bolmaly we şahadatnamanyň göçürmesi görkezilmeli.

Giňişleýin maglumatlar, arzanyň mazmuny bilen tanyşmak hem-de arzalary almak şu salgylar boýunça amala aşyrylýar:

1. 745100, Türkmenistan, ş.Balkanabat, Atamyrat Annanyýaz ogly köçesi, 216-njy kwartal, “Hazar” konsorsiumyň edarasy.

Habarlaşmak üçin telefonlar: +993 62 592 231; +993 61 76 54 88.

2. 109147, RF, Moskwa, Marksistaýa köçesi, 14/16-njy jaý, 1-nji bina, «Mitro International Limited» Kompaniýasynyň Moskwadaky wekilligi.

Habarlaşmak üçin telefon: + 7 495 748 32 31; faks+ 7 495 788 55 60.

Elektran salgysy: marketing@mitromos.com;

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Balkanabat ş.
Bulary hem okaň
2022