Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygy 2024-nji ýylda $20 milliarda golaýlady

BT
Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygy 2024-nji ýylda $20 milliarda golaýlady
Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum (TEIF 2025), 2025-nji ýylyň 23-nji apreli, Kuala-Lumpur, Malaýziýa (Surat: THP)

Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygy 2024-nji ýylda 20 milliarda golaýlady. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahimberdi Jepbarow çarşenbe güni Kuala-Lumpur şäherinde açylan Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara maýa goýum forumynda mälim etdi.

Onuň bellemegine görä, daşary söwdanyň 12,7 milliard ABŞ dollaryny eksport düzdi. Netijede, daşary söwdada 4,4 milliard ABŞ dollar möçberde oňyn aratapawut gazanyldy.

R.Jepbarow Türkmenistanda degişli hukuk binýadynyň, şol sanda daşary ýurt maýa goýumlarynyň goraglylygyny kepillendirýän ýagdaýlaryň döredilendigini belledi.

Öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin Türkmenistanda häzirki zaman çemeleşmelere we garaýyşlara esaslanýan ösüş maksatnamalary durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň 2024-nji ýylynyň jemlerine görä, ýurduň jemi içerki önümi 6,3 göterimden gowrak ösdi.

Geljek ýylda Aşgabat – Türkmenbaşy awtomobil ýolunyň gurluşygyna başlamak meýilleşdirilýär diýip, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy aýtdy.

2022