TDHÇMB-da jemi $34,2 millionlyk "B" kysymly karbamid satyn alyndy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da jemi $34,2 millionlyk "B" kysymly karbamid satyn alyndy
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilen göçme birža söwdalary, 2024-nji ýylyň 5-nji marty, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) sişenbe güni daşary ýurt puluna geçiren söwdalarynda jemi bahasy 34 million 280 müň ABŞ dollaryna deň bolan "B" kysymly karbamid satyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy habar berdi.

Owganystandan we Birleşen Arap Emirliklerinden gelen işewürler daşary ýurt puluna “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen "B" kysymly karbamidi satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň jemi bahasy  77 million 668 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistanda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edaradyr.

2022