Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň Aşgabatdaky Ilçihanasynyň Hatyra kitabynda ýazgy galdyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň Aşgabatdaky Ilçihanasynyň Hatyra kitabynda ýazgy galdyrdy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynda ýurduň wekillerine duýgudaşlyk bildirýär, 2024-nji ýylyň 21-nji maýy, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna bardy hem-de goňşy ýurduň wekillerine duýgudaşlyk bildirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasyna baryp, ol ýerde goňşy ýurduň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani bilen gürrüňdeş boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri doganlyk Eýranda agyr betbagtçylygyň bolandygyny aýtdy. Şehit bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan hem-de hut öz adyndan, türkmen halkynyň adyndan gynanç sözlerini beýan etdi. Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-eýran dost-doganlygynyň mizemez nyşany hökmünde Hatyra kitabynda ýazgy galdyrdy.

“Seýed Ebrahim Raisi görnükli syýasatçy we parasatly döwlet işgäri bolmak bilen, öz halkynyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda örän köp işleri bitirdi. Ol türkmen-eýran gatnaşyklaryny has-da berkitmäge ägirt uly şahsy goşandyny goşdy. Onuň biwagt aradan çykmagy bilen, siziň ýurduňyz Watanyna hyzmat eden wepaly ogluny, Türkmenistan bolsa hakyky dostuny ýitirdi” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we şol dikuçarda Seýed Ebrahim Raisiniň ýanynda bolan ýokary wezipeli wekiliýet agzalarynyň hem wepat bolmagynyň örän gynandyryjydygyny aýtdy.

Eýranyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani wagt tapyp ilçihana gelendigi hem-de eýran halky üçin şu agyr pursatda medet beriji, ruhlandyryjy sözlerini aýdandygy üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa eýran halkynyň we Hökümetiniň adyndan, hut öz adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow hem sişenbe güni Eýranyň Türkmenistandaky Ilçihanasyna baryp Hatyra kitabynda ýazgy galdyrdy.

Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi we ýurduň ýokary wezipeli wekiliýet agzalary şu ýylyň 19-njy maýynda Eýranyň Gündogar Azerbaýjan welaýatynda bolup geçen dikuçar heläkçiliginiň netijesinde aradan çykdylar.

2022