Türkmen kompaniýalary Dubaýdaky GOTECH sergisine gatnaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen kompaniýalary Dubaýdaky GOTECH sergisine gatnaşdylar
“Gök Depeler” hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri GOTECH nebit we gaz senagaty boýunça 5-nji halkara sergisiniň güwanamasyny kabul edýärler, 2024-nji ýylyň 7-9-njy maýy, Dubaý, BAE (Surat: Dragon Oil)

Türkmen kompaniýalary 2024-nji ýylyň 7-9-njy maýy aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen GOTECH nebit we gaz senagaty boýunça 5-nji halkara sergisine gatnaşdy. Bu barada GOTECH sergisiniň metbugat gullugy habar berýär.

Serginiň dowamynda “Mawy Deňiz Gurluşyk”, “Nurly Tolkun” “Gök Depeler” we “Söwda Gurluşyk Maslahat” hojalyk jemgyýetleri gazanan üstünliklerini görkezdiler.

GOTECH sergisiniň we konferensiýasynyň mowzugy “Innowasiýa we hyzmatdaşlyk arkaly durnukly energiýa tehnologiýalaryny ösdürmek” diýlip atlandyryldy we “SPE International” hem-de “Dragon Oil” kompaniýalary bu çäräniň guramaçylary bolup çykyş etdiler.

Bu çäre halkara pudak ýolbaşçylaryny bir ýere jemledi we onuň dowamynda nebit-gaz pudagynyň häzirki ýagdaýyna baha bermek, gymmatly bazar düşünjelerini almak, uglerod zyňyndylaryny azaltmak we dünýädäki artýan energiýa islegini kanagatlandyrmak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

2022