Türkmenistanyň Prezidenti Ýeňiş baýramy mynasybetli Moskwada geçiriljek harby ýörişe gatnaşar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Ýeňiş baýramy mynasybetli Moskwada geçiriljek harby ýörişe gatnaşar
Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýöriş, 2023-nji ýylyň 9-njy maýy, Moskwa, Russiýa (Surat: kremlin.ru)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçiriljek harby ýörişe gatnaşar. Bu barada Russiýanyň Prezidentiniň metbugat gullugy duşenbe güni habar berdi.

Şeýle hem Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli geçiriljek harby ýörişe Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Kuba Respublikasynyň Prezidenti Migel Mario Dias-Kanel Bermudes, Laos Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Thonglun Sisulit we Gwineýa-Bisau Respublikasynyň Prezidenti Umaru Sissoku Embalo gatnaşarlar.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen bilelikde döwlet Baştutanlary Näbelli esgeriň guburyna gül goýmak dabarasyna gatnaşarlar.

TASS agentliginiň duşenbe güni habar bermegine görä, Russiýanyň Prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakow metbugat ýygnagynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Hökümet Baştutanlarynyň 8-nji maýda Moskwa şäherine ýygnanjakdyklaryny we olaryň Russiýa tarapyndan gurnaljak dostlukly günortanlyga gatnaşjakdyklaryny aýtdy.

Şeýle hem Ýuriý Uşakow 8-nji maýda geçiriljek Ýewraziýa Ykdysady Birleşmesiniň (ÝYB) sammitinden soň oňa gatnaşyjy Ermenistanyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Russiýanyň, Özbegistanyň döwlet Baştutanlaryna Täjigistanyň we Türkmenistanyň Prezidentleriniň hem goşuljakdygyny habar berdi.

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli harby ýöriş 2024-nji ýylyň 9-njy maýynda Moskwada ýerleşýän Gyzyl meýdanda geçiriler.

2022