Türkmenistanda bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 11,1% artdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 11,1% artdy
Türkmenistanyň Söwda toplumynyň sergisi, 2024-nji ýylyň 3-nji apreli, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanda 2024-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 11,1 göterim artdy diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysadyýet we maliýe meseleleri boýunça orunbasary Hojamyrat Geldimyradow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde aýtdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, wise-premýer 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende şu ýylyň dört aýynda jemi öndürilen önümiň 11,4 göterim ýokarlanandygyny habar berdi.

Hasabata görä, döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 102,6 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy bolsa 97,4 göterim ýerine ýetirildi. Şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda ýurduň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2023-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 10,4 göterim ýokarlandy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow geçen dört aýyň jemleri boýunça gazanylan netijeleri mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça degişli işleri geçirmegi dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi we wise-premýere ýurduň ykdysady kuwwatyny berkitmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleri netijeli alyp barmagy tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şu ýylyň geçen dört aýynda ýurduň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi, şeýle hem beýleki käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

2022