TDHÇMB-da anna güni eksport geleşikleri $13,2 milliondan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da anna güni eksport geleşikleri $13,2 milliondan geçdi
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilýän söwdalardan bir pursat

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) anna güni daşary ýurt puluna geçiren söwdalarynyň jemi bahasy 13 million 281 müň 600 ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy habar berdi.

Birleşen Arap Emirliklerinden gelen işewür daşary ýurt walýutasyna “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen SN-600 kysymly başlangyç ýagy satyn aldy. Geleşigiň umumy bahasy 7 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Şeýle hem Owganystanly telekeçi jemi bahasy 6 million 281 müň 600 ABŞ dollaryna barabar bolan SN-350 kysymly başlangyç ýagy satyn aldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 65 million 358 müň ABŞ dollaryna barabar boldy. 

1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistanda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edaradyr.

2022