Aşgabatda DÝHG-a agza döwletler geljegiň möhüm ugurlaryny maslahatlaşýarlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda DÝHG-a agza döwletler geljegiň möhüm ugurlaryny maslahatlaşýarlar
Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi, 2024-nji ýylyň 16-njy apreli, Aşgabat, Türkmenistan

Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň ikinji iş gününde oňa gatnaşyjylar demir ýol pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmekde yzygiderli iş alyp barmaga hem-de DÝHG-ä agza döwletleriň demir ýol edaralarynyň arasynda özara düşünişmegi çuňlaşdyrmak arkaly ynanyşmagy pugtalandyrmaga meýillidiklerini bellediler.

"Demirýollary" AGPJ-niň sişenbe güni habar bermegine görä, Aşgabat şäheriniň “Ýyldyz myhmanhanasynda geçirilýän mejlise DÝHG-ä agza döwletleriň 20-den gowragynyň degişli edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri gatnaşýarlar.

Forumyň maksady demir ýol ulagynyň işini döwletara derejede utgaşdyrmakdan, halkara demir ýollary torunyň tehnologik bitewüligini üpjün etmekden, bu düzümleri ösdürmekden ybarat bolup durýar.

Habarda bellenilişi ýaly, mejlisiň gün tertibinde kesgitlenen meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ulag geçelgeleri boýunça ýük daşamalary artdyrmaga hem-de ýükleriň görnüşlerini giňeltmäge ýardam eder.

Forumyň dowamynda Türkmenistanyň we DÝHG-ä agza döwletleriň demir ýol edaralarynyň arasynda birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara hem-de taraplaryň ählumumy abadançylygyň, ösüşiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagy maksat edinýän Teswirnama gol çekilmegine garaşylýar.

DÝHG-ä agza döwletleriň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi 19-njy aprele çenli dowam eder.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022