Türkmenistanyň Prezidenti obasenagat toplumynyň ýolbaşçylaryny wezipä belledi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti obasenagat toplumynyň ýolbaşçylaryny wezipä belledi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda ýurduň obasenagat toplumynyň ýolbaşçylaryny wezipä belledi.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany Kakageldi Rejepbaýewiç Haýtekowy hem-de Yslam Işanberdiýewiç Nursahatowy Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasarlary wezipesine, Muhammetberdi Şadurdyýewiç Öwezmyradowy bolsa Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary wezipesine belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Annamyradowiç Kakabaýewi Ahal welaýatynyň häkiminiň oba hojalygy boýunça orunbasary wezipesine bellemek barada karara gelendigini aýdyp, degişli resminama gol çekdi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Döwlet Baştutany, saglyk ýagdaýy sebäpli, Amanmyrat Berdimyradowiç Abdyllaýewi Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyp, bu wezipä Berdimuhammet Kakajanowiç Taganowy belledi we degişli Permanlara gol çekdi.

Iş maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022