Türkmenistan bilen ÝB energetika pudagynda tehnologiýa alyş-çalşygyny maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen ÝB energetika pudagynda tehnologiýa alyş-çalşygyny maslahatlaşdylar
“Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew bilen Energetika boýunça Ýewropa Komissarynyň Kabinetiniň başlygy Stefano Grassiniň arasynda geçirilen duşuşyk, 2024-nji ýylyň 12-nji apreli, Brýussel, Belgiýa

“Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Belgiýanyň Brýussel şäherinde 2024-nji ýylyň 12-nji aprelinde Energetika boýunça Ýewropa Komissarynyň Kabinetiniň başlygy Stefano Grassi bilen duşuşdy.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda energetika pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, hususan-da tehnologiýalary alyşmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy habar berdi.

Söhbetdeşligiň barşynda Merkezi Aziýa bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhy mazmuny, Türkmenistanyň dünýä energetika bazaryndaky mümkinçilikleri, ilkinji nobatda ýurduň tebigy gaz gorlary we ony ugratmak mümkinçilikleri, dürli infrastruktura taslamalary we hyzmatdaşlyk gurallary ýaly meseleler boýunça pikir alşyldy.

Şeýle hem türkmen wekiliýeti Ýewropanyň Daşarky hereketler gullugynyň Energetika diplomatiýasy boýunça baş geňeşçisi Tibor Stelbaskiý bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň barşynda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, metan zyňyndylaryny azaltmak we Türkmenistandan tebigy gazy ugratmak babatynda hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.

Mundan başga-da, şol gün Belgiýanyň Brýussel şäherinde Türkmenistan–ÝB energetika boýunça iş toparynyň mejlisi geçirildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022