Türkmenistan “Otdyh-2024” sergisinde syýahatçylyk önümleri we hyzmatlary bilen tanyşdyrar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan “Otdyh-2024” sergisinde syýahatçylyk önümleri we hyzmatlary bilen tanyşdyrar
“Otdyh-2023” syýahatçylyk hyzmatlarynyň halkara sergi-ýarmarkasy, 2023-nji ýylyň 13-15-nji apreli, Minsk, Belarus Respublikasy

Türkmenistan 2024-nji ýylyň 18-20-nji apreli aralygynda Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde geçiriljek “Otdyh-2024” syýahatçylyk hyzmatlarynyň 26-njy halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň wekilleriniň syýahatçylyk hyzmatlarynyň bu halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşmagy ýurduň syýahatçylyk önümleri bilen tanyşdyrmaga, täze syýahat ugurlary mahabatlandyrmaga hem-de täze işewür gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik açar.

“Otdyh-2024” syýahatçylyk hyzmatlarynyň 26-njy halkara sergi-ýarmarkasy gatnaşyjylara dürli görnüşli dynç alyş mümkinçilikleri barada iň täze maglumatlary hödürlär.

Serginiň dowanynda Belarus Respublikasynyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Kubanyň, Türkiýäniň, Gyrgyz Respublikasynyň we beýleki ýurtlaryň wekilleri täze syýahatçylyk maksatnamalary, syýahatçylygyň dürli görnüşleri, şypahanalar, lukmançylyk we saglygy dikeldiş merkezleri, şeýle hem syýahatçylyk önümleri bilen tanyşdyrarlar.

Mundan başga-da, Türkmenistan şu ýylyň 16-19-njy maýy aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde geçiriljek TIBCO-2024 halkara sergisine öz milli ekspozisiýasy bilen gatnaşar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022