Türkmenistan TIBCO-2024 halkara sergisine öz milli ekspozisiýasy bilen gatnaşar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan TIBCO-2024 halkara sergisine öz milli ekspozisiýasy bilen gatnaşar
TIBCO-2023 halkara sergisi, 2023-nji ýylyň 15-18-nji iýuny, Buharest, Rumyniýa (Surat: TIBCO)

Türkmenistan şu ýylyň 16-19-njy maýy aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde geçiriljek TIBCO-2024 halkara sergisine öz milli ekspozisiýasy bilen gatnaşar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Atdaýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Rumyniýanyň Buharest şäherinde geçiriljek sergä Türkmenistanyň öz milli ekspozisiýasy bilen gatnaşmagy boýunça ýerine ýetirilýän işler barada aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Batyr Atdaýew bu iri möçberli sergide ýurduň dürli pudaklarynyň, hususy haryt öndürijileriniň harytlaryny we hyzmatlaryny mahabatlandyrmagyň meýilleşdirilýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurtda we daşary döwletlerde yzygiderli guralýan sergileriň, maslahatlaryň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň döwlet Baştutany wise-premýere Buharest şäherinde geçiriljek halkara sergide Türkmenistanyň öz sergisini guramak boýunça degişli işleri geçirmegi hem-de onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022