Türkmen halkynyň Milli Lideri sapar bilen Täjigistana barar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen halkynyň Milli Lideri sapar bilen Täjigistana barar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 4-nji aprelinde sapar bilen Täjigistana barar. Bu barada Duşenbe şäheriniň Başlygy Rustam Emomaliniň metbugat gullugy sişenbe güni habar berdi.

Täjigistanyň S.Aýni adyndaky Döwlet akademiki opera we balet teatrynda 3-nji aprelde sagat 16:00-da Türkmenistanyň Täjigistandaky Medeniýet günleri başlanýar.

Täjigistanyň Medeniýet ministrligine salgylanyp "Howar" agentliginiň berýän habaryna görä, Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde Täjigistanyň Milli muzeýinde 4-nji aprelde Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň nusgalarynyň we suratlarynyň sergisi geçiriler.

Türkmenistanyň Medeniýet günleri Täjigistanyň “Kohi Borbad” döwlet toplumynda “Dostluk agşamy” mowzugy bilen iki ýurduň sungat ussatlarynyň bilelikdäki aýdym sazly çykyşlary bilen dowam eder.

Türkmenistanyň Täjigistandaky Medeniýet günleri 5-nji aprelde tamamlanar.

2022