Pakistan-Türkmenistan: üstaşyr söwda ylalaşygyna gol çekilmegi meýilleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Pakistan-Türkmenistan: üstaşyr söwda ylalaşygyna gol çekilmegi meýilleşdirilýär
Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow bilen Pakistanyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň arasynda geçirilen duşuşyk, 2024-nji ýylyň 1-nji apreli

Türkmenistanyň Pakistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Atajan Möwlamow 2024-nji ýylyň 1-nji aprelinde Aiwan-e-Sadr köşgünde Pakistanyň Prezidenti Asif Ali Zardari bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň barşynda Pakistanyň Prezidenti iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin Türkmenistan bilen üstaşyr söwda ylalaşygynyň ýakyn wagtda gol çekilmeginiň maksada laýyk boljakdygyny belledi.

Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, duşuşygyň başynda ilçi Atajan Möwlamow Pakistanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ýurduň Prezidenti wezipesine ikinji gezek saýlanmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Prezident Asif Ali Zardari öz gezeginde Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirdi we Türkmenistanyň döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedowa, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşniýetli sözleri we gutlaglary üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de parahatçylyk we gülläp ösüş baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.

Pakistanyň Prezidenti Asif Ali Zardari üstaşyr söwda ylalaşygyna gol çekilmeginiň söwdany giňeltmäge, sebit aragatnaşygyny we ykdysady işjeňligi ösdürmäge ýardam berjekdigini nygtady.

Şeýle hem duşuşykda taraplar döwletara gatnaşyklarynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022