Türkmenistanda penşenbe güni Halkara zenanlar gününe bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi. Olaryň çäklerinde Türkmenistanyň döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren eneleri sarpalamak, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, olara “Ene mähri” diýen hormatly adyň nyşanlaryny, köp çagaly enelere täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabaralary geçirildi.
Şu ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permanyna laýyklykda, “Ene mähri” diýen hormatly ada türkmen zenanlarynyň ýüzlerçesi mynasyp boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Köp çagaly maşgalalara Aşgabat şäheriniň Berkararlyk we Büzmeýin etraplarynda penşenbe güni açylyp ulanmaga berlen jaýlaryň, şeýle hem Arkadag şäherinde gurlan jaýlaryň açarlary gowşuryldy.
Şeýle-de Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, olaryň düzümleýin bölümlerinde, kärhanalarda we guramalarda, eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki kärhanalarda zenanlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak dabaralary geçirildi.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde baýramçylyk mynasybetli konsertler, sergiler, bäsleşikler, dürli duşuşyklardyr beýleki çäreler geçirilýär.