Parižde Halkara Energetika Agentliginiň TEIF 2024 forumyna gatnaşmagy maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Parižde Halkara Energetika Agentliginiň TEIF 2024 forumyna gatnaşmagy maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçisi Maksat Çaryýewiň HEA-nyň Ýerine ýetiriji direktory Fatih Birol bilen geçiren duşuşygy, 2024-nji ýylyň 6-njy marty, Pariž, Fransiýa. (Surat: Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihanasy)

Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçisi Maksat Çaryýew 2024-nji ýylyň 6-njy martynda Pariž şäherinde ýerleşýän Halkara Energetika Agentliginiň (HEA) baş edarasynda HEA-nyň Ýerine ýetiriji direktory Fatih Birol bilen iş duşuşygyny geçirdi. Duşuşykda HEA-nyň 2024-nji ýylyň 24-25-nji aprelinde Parižde geçiriljek Türkmenistanyň Energetika ulgamyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma (TEIF 2024) gatnaşmagy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihanasynyň habar bermegine görä, taraplar Türkmenistan bilen HEA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürilmegi boýunça pikir alyşdylar.

TEIF 2024 forumynyň işine dünýä energetika pudagynyň esasy şahsyýetleriniň, şol sanda öňdebaryjy energetika, gurluşyk we transport-aragatnaşyk kompaniýalarynyň, halkara guramalarynyň we global maliýe institutlarynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Ilçi Maksat Çaryýew HEA-nyň ýolbaşçysyna hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga bolan taýýarlygy üçin öz minnetdarlygyny bildirdi we oňa foruma gatnaşmak üçin türkmen tarapynyň resmi çakylygyny gowşurdy.

Fatih Birol öz gezeginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Global Metan Ylalaşygyna goşulmak baradaky soňky başlangyjyna, şeýle hem COP-28-de yglan edilen beýleki halkara ekologik başlangyçlaryna HEA-nyň ýokary baha berýändigini belledi we HEA-nyň Türkmenistany dünýäniň gün tertibine degişli uly ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmekde giňden goldamaga taýýardygyny beýan etdi.

“Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri tarapyndan “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti we “GaffneyCline” britan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda guralýan TEIF 2024 forumy Fransiýanyň Pariž şäheriniň “Hyatt Regency Etoile” myhmanhanasynda geçiriler.

2022