IRENA Türkmenistanda edarasyny açmagy meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
IRENA Türkmenistanda edarasyny açmagy meýilleşdirýär
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň (IRENA) Baş direktorynyň orunbasary Gauri Singh bilen duşuşygy, 2024-nji ýylyň 12-nji fewraly, Dubaý, BAE.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Bütindünýä hökümet sammitiniň (WGS 2024) çäklerinde duşenbe güni Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň (IRENA) Baş direktorynyň orunbasary Gauri Singh bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanda IRENA guramasynyň ýerli edarasyny açmagyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar

Türkmenistanyň DIM-niň sişenbe güni habar bermegine görä, duşuşykda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek boýunça Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy, UNIDO, UNEP ýaly guramalar bilen hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi.

Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligi (IRENA) – gaýtadan dikeldilýän energiýanyň ähli görnüşleriniň ulanylmagyny goldamak üçin 2009-njy ýylda döredilen hökümetara halkara gurama bolup durýar. IRENA gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, şol sanda tehniki maglumatlar baradaky ähli zerur bolan maglumatlary üpjün edýär. Bu gurama Germaniýanyň hökümetiniň başlangyjy bilen 2009-njy ýylyň 26-njy ýanwarynda Bon şäherinde esaslandyryldy. Gurama dünýäde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ulanylmagyny çaltlaşdyrmaga hem-de bu ugurda bilimi we tehnologiýalary ýaýratmaga ýardam berýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Bütindünýä hökümet sammitiniň (WGS 2024) çäklerinde duşenbe güni Birleşen Arap Emirlikleriniň Senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber bilen duşuşdy.

2022