Türkmenistanda 80 milliard 618,7 million kub metr tebigy gaz çykaryldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda 80 milliard 618,7 million kub metr tebigy gaz çykaryldy
Gazçy hünärmenleriniň alyp barýan işinden bir pursat

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy Döwletgeldi Amanmuhammedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2023-nji ýylyň netijeleri boýunça senagat ulgamynda durnukly ösüşiň üpjün edilendigini we 80 milliard 618,7 million kub metr tebigy gazyň hem-de 8 million 316,7 müň tonna nebitiň çykarylandygyny habar berdi.

Döwletgeldi Amanmuhammedowyň hasabatyna görä, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, nebit bitumynyň öndürilişi 30,1 göterim, suwuklandyrylan gaz boýunça 1,1 göterim, kerosin boýunça 0,6 göterim, aýna listi boýunça 15,6 göterim, sement boýunça 0,8 göterim, çig ýüpek boýunça 17,1 göterim, tikinçilik we örme önümler boýunça 8,9 göterim, şöhlat önümleri boýunça 7,7 göterim, süýt önümleri boýunça 1,7 göterim, gaplanan miweler we gök önümler boýunça 5,5 göterim, mesge ýagy boýunça 6,8 göterim ösüş gazanyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysy halkara standartlara laýyk gelýän statistiki usulyýet esasynda statistiki hasabatlylygy we maglumatlary ýygnamagyň usullaryny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada-da hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdy 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygyna ünsi çekdi.

Bu resminama laýyklykda, şu ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterimde saklamak, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 3 müňe golaý täze iş orunlaryny döretmek, daşary söwda dolanyşygynyň möçberini 20,7 milliard amerikan dollaryna ýetirmek, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 71,4 göterime ýetirmek meýilleşdirilýär diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany aýtdy.

Mejlisiň dowamynda bu Maksatnamany tassyklamak boýunça degişli Karara gol çekildi.

2022