Türkmenistanda polat turbalary öndürýän täze kärhanany döretmek meýilleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda polat turbalary öndürýän täze kärhanany döretmek meýilleşdirilýär
Polat turba önümçilik zawodynda alnyp barylýan işlerden bir pursat, Ankara, Türkiýe (Surat: akmermerboru.com)

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Baýmyrat Annamämmedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde dürli ölçegdäki polat turbalary öndürjek täze, döwrebap bilelikdäki kärhanany döretmek boýunça işleriň geçirilýändigi barada aýtdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyryklaryna laýyklykda, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.

Mejlisiň dowamynda wise-premýer Baýmyrat Annamämmedow Türkmenistanyň gurluşyk-senagat toplumyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany döwlet we hususy tarapyň gatnaşmagynda önümçilik kärhanasyny döretmek baradaky beýan edilen teklibi makullap, bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Mundan başga-da, mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

2022