Türkmenistanly zenan telekeçi daşary ýurtlara pomidor eksportyny ýola goýdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanly zenan telekeçi daşary ýurtlara pomidor eksportyny ýola goýdy
Ýyladyşhana toplumynda pomidor hasylynyň ýygnalýan pursady, Türkmenistan.

Lebap welaýatynyň ýaşaýjysy, telekeçi Güljahan Haýidowa geçen ýyl hususy ýyladyşhanasynda ýetişdiren pomidor hasylynyň 120 tonnasyny Russiýa, Gazagystana, Gyrgyzystana, Täjigistana eksport etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Güljahan Haýidowanyň hususy ýyladyşhanasy Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde 2 gektar ýerde ýerleşýär.

Telekeçi zenan Güljahan Haýidowa 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda pomidoryň Gollandiýadan getirilen “Marwelans” görnüşini ýetişdirmäge başlady we 2022-nji ýylyň başyndan pomidoryň bol hasylyny ýygnamaga girişdi.

Pomidoryň ýyladyşhanada ýetişdirilýän “Marwelans”, “Çerri” görnüşleri sentýabr aýynda ekilip, 5-6 aýdan uly boýa gelensoň, hasyl berip ugraýar. Pomidoryň her düýbi yhlas bilen ideg edilende, 7-15 kilograma çenli hasyl berýär. Bu görnüşli pomidorlaryň 6-7 aýlap hasyl bermegi onuň üýtgeşik tarapydyr.

2022