Türkmen wekiliýeti Owganystana iş saparyny amala aşyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen wekiliýeti Owganystana iş saparyny amala aşyrdy
Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşyk, 2023-nji ýylyň 16-17-nji dekabry, Hyrat, Owganystan.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti şu ýylyň 16-17-nji dekabrynda Owganystanyň Hyrat welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i ýekşenbe güni habar berdi.

Owganystanyň Daşary işler ministri Amir Han Mottaki, Dag-magdan senagaty ministri Şahabutdin Delawar hem-de Söwda we senagat ministri Nuretdin Aziz bilen geçirilen duşuşyklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň toplumyny içine alýan meseleleriň ençemesine garaldy.

Hususan-da, taraplar Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ýokary woltly elektrik geçirijisiniň taslamasynyň amala aşyrylmagynyň häzirki ýagdaýy, Owganystanyň demirýol infrastrukturasynyň giňeldilmeginiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle-de, iki döwletiň daşary işler ministrleri we wekiliýetleriniň agzalary türkmen hem-de owgan kompaniýalarynyň gatnaşmagynda gurluşygy alnyp barylýan energetika we ulag taslamalaryna baryp gördüler.

2022