“Güneşli” çagalar-ýetginjekler merkeziniň gurluşygy boýunça halkara tender yglan edildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
 “Güneşli” çagalar-ýetginjekler merkeziniň gurluşygy boýunça halkara tender yglan edildi
BMG-nyň Türkmenistandaky wekilhanasynda Bütindünýä çagalar güni mynasybetli geçirilen dabaralardan bir pursat, 2021-nji ýylyp 21-nji noýabry, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmenistanyň Prezdentiniň tabşyrygy boýunça Aşgabatda “Güneşli” çagalar we ýetginjekler merkezini gurmak boýunça halkara tender yglan edildi. 

Bu tabşyrygyň ýerine ýetirilişi barada guluşyk we senagat toplumy boýunça wise-premýer Baýmyrat Annamämmedow Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentine hasabat berdi. 

Wise-premýer täze merkeziň şekil taslamasyny hödürläp, taslamada çagalar üçin sport we oýun meýdançalarynyň, medeni çäreleri geçirmek üçin ýörite meýdançalaryň, amfiteatryň, ýol hereketiniň düzgünlerini öwrenmek üçin meýdançanyň we beýleki desgalaryň, şol sanda tehniki, hojalyk desgalarynyň göz öňünde tutulandygyny belledi. 

Türkmenistanyň Prezidenti bu taslamany durmuşa geçirmäge jogapkärli çemeleşmegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere döwrebap toplumy gurmak boýunça halkara bäsleşigini geçirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Tender Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň sargydy boýunça Binagärlik we gurluşyk ministrligi tarapyndan yglan edildi.

2022