Slowakiýa Türkmenistan bilen ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Slowakiýa Türkmenistan bilen ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýär
Türkmenistanda öndürilen tekstil önümleri ýurduň Söwda toplumynyň sergisinde, 2023-nji ýylyň 4-nji apreli, Aşgabat, Türkmenistan

Slowakiýa Türkmenistan bilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki toparyň işini giňeltmäge gyzyklanma bildirýär. Bu barada Slowakiýa Respublikasynyň Ykdysadyýet ministrligine salgylanyp, “Trend” habarlar agentligi ýekşenbe güni habar berdi.

Türkmenistan bilen ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmäge bolan gyzyklanmalar bilen baglylykda, Slowakiýa Respublikasynyň degişli ministrligi ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak we iki ýurduň ykdysady subýektleriniň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin täze ylalaşgy baglaşmaga bolan meýillerini mälim etdi.

Habarda bellenilşine görä, soňky on ýylyň dowamynda Slowakiýadan Türkmenistana esasan, maşyngurluşyk tehnikalary we ölçeg enjamlary, şeýle hem elektrik generator düzümleri eksport edildi. Degişli döwürde Türkmenistandan Slowakiýa eksport edilen harytlaryň agramly bölegini dokma önümleri we pagta ýüplügi düzdi.

Şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa we Slowakiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wiktor Boreskiý iki ýurduň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny hasaba almak bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

2022